Türkmenistanyň ýeňil atletika boýunça milli ýygyndysynyň türgenleri Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýanyň III Açyk çempionatynda 11 medal — 2 altyn, 7 kümüş we 2 bürünç medal gazandylar. Baýraklar gysga we orta aralyga ylgamakda, estafeta ýaryşlarynda, çekiç zyňmakda hem-de ýadro iteklemekde gazanyldy. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär. Ýaryşyň jemleri boýunça umumy hasapda birinji orny Özbegistanyň ýygyndysy, ikinji orny Gazagystanyň ýygyndysy, üçünji orny bolsa Türkmenistanyň ýygyndysy eýeledi. Bäsleşige dokuz ýurtdan — Türkmenistandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Singapurdan, Taýlanddan, Saud Arabystanyndan we Gruziýadan 500-den gowrak türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dürli ýaş toparlaryna degişli 12 türgen çykyş etdi. 400 metr aralyga ylgamakda 54,93 sekunt netije görkezen Enejan Esedowa altyn medal gazandy. Ol 4x100 metr we garyşyk 4x400 metr estafeta ýaryşlarynda hem kümüş medallaryň eýesi boldy. Milli ýygyndymyza ýene bir altyn medaly Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Mergen Mämmedow getirdi. Ol çekiji 70,90 metr aralyga zyňdy. Ýadro iteklemekde Gurbanazar Kakajaýew 15,79 metr netije bilen kümüş medal gazandy. 2008-nji ýylda Pekinde we 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik eden Walentina Meredowa 100 metr aralyga ylgamakda bürünç, garyşyk 4x100 metr estafetada bolsa kümüş medal gazandy. Onuň tälim berýän türgenleri — Gurban Orazow we Aýşa Çaryýewa hem estafeta görnüşlerindäki ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp boldular.