Lebap welaýatyndaky Demirgazyk Kükürtli ýatagynda sentýabr aýynyň başynda täze 3-nji gaz guýusy önümçilige girizildi. Ussatnews.com saýtynyň habar bermegine görä, täze guýynyň bir gije-gündizdäki kuwwaty 75 müň kub metr tebigy gaza deňdir. Çykarylýan gaz Darganata etrabynyň ilatyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Ýakyn gelejekde täze guýudan bir gije-gündizde 3 tonna çenli gaz kondensatyny almak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Kükürtli liniýaly-önümçilik bölüminiň garamagyna Malaý, Bagaja, Sakar, Farap we Kükürtli ýataglary girýär. Bu meýdançalarda işleri ylalaşykly guramak, desgalaryň ýokary tehniki ygtybarlylygyny saklamak we guýularyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak bölümiň esasy wezipeleri bolup durýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir