Kanadaly meşhur aýdymçy zenan Selin Dion saglyk ýagdaýy sebäpli alty ýyla çeken arakesmeden soňra ilkinji gezek sahnada çykyş etdi. Pariž şäherindäki tomaşaçylardan doly zala ýüzlenip, ol: «Haýran galaýmaly, biz ýene bile» diýdi. «Men dolanjakdygyma we ýene sahna çykjakdygyma söz beripdim. Ine, men siziň üçin, özüm üçin aýdym aýdýaryn. Goldawyňyz, sabyr-takadyňyz üçin sagboluň. Meni şu bolşumda kabul edendigiňiz hem-de söýýändigiňiz üçin minnetdar» diýen aýdymçy gözýaşyny saklap bilmedi. Selin Dion iň soňky gezek «Courage Tour» çykyşlar toplumynyň barşynda 2020-nji ýylda konsert beripdi. Emma saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, çykyşlaryny dowam etdirip bilmedi. 2022-nji ýylda lukmanlar onda seýrek duşýan myşsa gowuşgynsyzlygyny anykladylar. 2023-nji ýylyň dekabrynda Dion keseliň sesini gyrandygyny, hereket etmegi kynlaşdyrandygyny boýun aldy. «Celine Dion Paris 2026» maksatnamasynyň dowamynda aýdymçy zenanyň Pariž şäherindäki «La Défense Arena» stadionynda 26 konsert çykyşy bolar. Bir milliona golaý petekleriň ählisi bary-ýogy birnäçe sagatda satyn alyndy diýlip, «MIR 24» habar berdi.