Rumyniýanyň Futbol Federasiýasy (RFF) futbol ýaryşlarynda gara kart girizdi. Täze düzgün 7 ýaşdan 16 ýaşa çenli çagalaryň we ýetginjekleriň arasyndaky oýunlarda ulanylar. Gara kart tomaşaçylar ýa-da ata-eneler oýun wagtynda kemsidiji ýa paýyş sözleri, şeýle-de gazaply hereketleri bes etmedik ýagdaýynda görkeziler. Ilki bilen emin oýny togtadyp, tälimçilere ýüz tutar we olardan janköýerlere ýa-da ata-enelere düzgün bozmalary bes etmek barada duýduryş bermegini sorar. Eger bu çäre netije bermese, oýun 10 minutlyk togtadylar, şol wagt iki topar hem eşik çalşylýan ýere gider. Oýun täzeden başlanandan soň ýagdaý ýene gaýtalansa, emin gara karty görkezer we duşuşygy möhletinden öň tamamlar. RFF-niň beýanatynda: «Bu çäre arkaly RFF dünýäde diňe stadiondaky tomaşaçylaryň nädogry hereketlerini jezalandyrmak üçin niýetlenen karty girizen ilkinji futbol federasiýasy bolýar» diýilýär. Täze düzgün tomaşaçylaryň kemsidiji we paýyş sözleri ulanmagyny, şeýle hem olaryň çagalara, toparlaryň wekillerine, eminlere, beýleki ata-enelere ýa-da tomaşaçylara garşy fiziki zorluk ulanmagy, iteklemegi öz içine alýar. RFF ozal tälimçileriň nädogry hereketlerine garşy çäreleri girizipdi. 2024-nji ýyldan bäri kemsidiji ýa paýyş sözleri ulanýan tälimçilere 10–20 müň rumyn leýi (2200-4400 dollar) möçberinde jerime we 1 ýyldan 3 ýyla çenli ygtyýarnamasynyň togtadylmagy göz öňünde tutulýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir