«BBC Studios Natural History Unit» topary Türkmenistanda ýitip gitmek howpy astyndaky görnüş bolan alajagaplaň barada dokumental film düşürmäge mümkinçilik aldy. Bu materiallar «National Geographic» üçin taýýarlanýan «HOME Asia» taslamasyna giriziler. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon «News Central Asia» neşirine beren söhbetdeşliginde habar berdi. «Klimat we tebigat birek-birek bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistan özüniň özboluşly tebigy meýdanlary we baý haýwanat dünýäsi, şol sanda ýitip gitmek howpy astyndaky alajagaplaňlary bilen meşhurdyr. Şol sebäpli hem Beýik Britaniýanyň ilçihanasy alajagaplaňy we ony gorap saklamaga ömrüni bagyşlan adamlary surata düşürmäge rugsat alynmagyna ýardam berip, «BBC Studios Natural History Unit» bölümi bilen türkmen hyzmatdaşlarynyň arasynda tebigaty goramak babatdaky hyzmatdaşlygy uly höwes bilen goldady» diýip, Konlon belledi. Öz gezeginde, wideoşekiller 2024-nji ýylda Köpetdag daglarynyň Duşak-Erekdag zolagynda düşürildi, soňra bolsa filmiň döredijilik topary Uly Balkan sebitinde hem iş geçirmäge mümkinçilik aldy. «Düşürilen materiallar «BBC Studios Natural History Unit» tarapyndan «National Geographic» üçin taýýarlanýan «HOME Asia» taslamasyna giriziler. Men bu filmiň çykmagyna uly sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn» diýip, ilçi sözüniň üstüne goşdy. S.Konlon bu filmiň halkara tomaşaçylaryny diňe bir seýrek duş gelýän ýyrtyjy bilen däl, eýsem Türkmenistanyň tebigaty we ony gorap saklamak üçin zähmet çekýän adamlar bilen hem tanyşdyrjakdygyny nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir