Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin anna güni iş sapary bilen BRIKS guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Hindistana bardy. Rus lideri saparynyň dowamynda Premýer-ministr Narendra Modi bilen duşuşdy. Putiniň Efiopiýanyň Hökümet başlygy Abiý Ahmed Ali we Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy Halid Al Nahaýýan, Günorta Afrikanyň Prezidenti Siril Ramasofa, Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibragim, şeýle-de Täze ösüş bankynyň prezidenti Dilma Rouseff bilen duşuşyklary bolar diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.