«Turkmenportal» saýtynyň we ykjam goşundysynyň «Töleg» bölüminde iki sany täze hyzmat peýda boldy — suw üçin töleg we jemagat hyzmatlary üçin töleg. Mundan ozal ulanyjylar «Töleg» bölüminiň üsti bilen sanly hyzmatlara — «Belet» onlaýn kinoteatryna we «elkitap» elektron kitaphanasyna — abuna ýazylyp bilýärdiler. Indi elýeterli hyzmatlaryň sanawy giňeldildi: Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary nobata durmazdan we kagyz kwitansiýalary ulanmazdan, suw hem-de jemagat hyzmatlary üçin tölegi göni saýtyň ýa-da ykjam goşundysynyň üsti bilen geçirip bilýärler. Töleg geçirmek üçin ýeke-täk şahsy hasap belgisini görkezmek gerek. Ony töleg depderçesinden ýa-da «Aşgabatagyzsuw» birleşigine ýüz tutup bilersiňiz. Şahsy hasap belgisi girizilenden soň, ulanyja hasap baradaky maglumatlar — hasap belgisi, abonentiň ady, salgysy we häzirki galyndysy — görkezilýär. Suw üçin töleg geçirilende tarif, bar bolan karzyň möçberi, hasaplaýjynyň soňky görkezijisi we iň soňky tölegiň senesi görkezilýär. Ulanyjy häzirki görkezijini girizmeli. Ulgam sarp edilen suwuň möçberini we tölenmeli pul möçberini awtomatiki hasaplaýar. Bu ýerde lagym hyzmaty üçin alynýan aýratyn töleg hem göz öňünde tutulýar. Jemagat hyzmatlary üçin töleg geçirilende hem şol bir şahsy hasap belgisi arkaly belli bir hyzmaty saýlamak bolýar: «Ýyladyş», «Galyndylar» ýa-da «Kärende tölegi». Bu hyzmatlaryň her biri boýunça aýratyn balans görkezilýär. Iki ýagdaýda hem tölenmeli jemleýji möçber balans we bank komissiýasy göz öňünde tutulyp, awtomatiki görnüşde hasaplanýar. Ulanyja diňe sanawdan öz bankyny saýlap, tölegi tassyklamak galýar. «Meniň hasaplarym» bölüminde ulanyjylar ýeke-täk şahsy hasap belgisini ýatda saklap bilerler. Bu bolsa her gezek töleg geçirilende hasap belgisini täzeden girizmegiň zerurlygyny aradan aýyrýar. Ulanyjy diňe saklanan sanawdan zerur hyzmaty — «Suw üçin töleg» ýa-da «Jemagat hyzmatlary» — saýlap, göni töleg geçiriş sahypasyna geçip bilýär. Häzirki wagtda täze hyzmatlardan diňe Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary peýdalanyp bilýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir