Dünýäniň daşyndan aýlanmak üçin iň uzak dowam etjek syýahatçylyk gämisi Italiýanyň paýtagtyndan ýola düşdi diýip, «Euronews» habarlar agentligine salgylanýan «Lenta.ru» internet neşiri habar berdi. 1-nji sentýabrda ýola düşen «Regatta Explorations by Norwegian» gämisi 371 gün ýüzer we 62 ýurtdaky 220 deňiz portunda bolar. Gämi Ýewropada (Santorini adasy, Neapol, Kopengagen, Helsinki), Afrikada (Kabo-Werde, Keýptaun, Zanzibar), Aziýada (Hirosimadan we Çejudo adasyndan Kolombo hem-de Malä çenli), Awstraliýada, şeýle hem Alýaskada, Karib basseýninde we Günorta Afrikada düşleg eder. Doly syýahat etmek üçin bir adamlyk petegiň bahasy 65,7 müň ýewro deňdir. Syýahat gysga ugurlary-da öz içine alar, mysal üçin, Türkiýäniň, grek adalarynyň we Maltanyň daşyndan 19 günlük syýahat edip bolar. Bu ugurda öňki rekord 274 gün suwda ýüzen «Ultimate World Cruise от Royal Caribbean» syýahatçylyk gämisine degişlidir.