Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Alena Grandy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny ýetirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ilçini Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilmegi bilen gutlady hem-de bu jogapkärli diplomatik wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Fransiýa Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Fransiýanyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem halkara düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bitarap Türkmenistanda diplomatik wezipäni ýerine ýetirmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, iki ýurduň halklarynyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmak üçin ähli tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir