Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde özleriniň zehinlerini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu aýdymçy çagalar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we noutbuk kompýuterler bilen sylaglandy. Şeýle hem degişli diplomlar gowşuryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Aşgabat şäherindäki 99-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Nurgözel Berdiýewa; Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Allanazar Annageldiýew; Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Leýla Çaryýewa; Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Sary Amanow; Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Hudaýberdi Hojaberdiýew; Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Aýna Döwletýarowa; Mary welaýatynyň Oguzhan etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Baýramdurdy Çaryýew. Şeýle hem «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir