Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatrynyň döredijilik topary tomaşaçylara dramaturg Gadam Kakabaýewiň eseriniň esasynda sahnalaşdyrylan «Howandar» atly täze spektaklynyň ilkinji görkezilişini hödürledi. Spektakly Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Eziz Işangulyýew sahnalaşdyrdy. Täze sahna eseri ýurdumyzyň ähli teatr sahnalarynda geçirilýän her ýylky teatr festiwalynyň çäklerinde tomaşaçylara ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. Spektaklda bagtly durmuşda ýaşaýan ýaş maşgalanyň durmuşynyň bir pursatda düýpli üýtgemegi barada gürrüň berilýär. Muňa olaryň oglunyň leýkoz keseline ýolukmagy sebäp bolýar. Elhenç hassalyk maşgaladaky ýagdaýy düýpgöter üýtgedýär. Är-aýalyň arasynda düşünişmezlikler, jedeller, biri-birini aýyplamak we öýke-kineler başlanýar. Çaganyň keseliniň öňünde ejiz galmak ene-atany çuňňur umytsyzlyga düşürýär. Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatry «Howandar» spektaklynyň ilkinji görkezilişini hödürledi Oglanjyga Onkologiýa merkeziniň tejribeli lukmanlary kömege gelýärler. Emma laýyk donor tapylmazlygy ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrýar. Maşgalany ýene-de umytsyzlyk gurşap alýar — ne kakasy, ne-de ejesi donor bolup bilýär. Wagtyň geçmegi bolsa syrkaw oglanjygyň ýagdaýynyň garşysyna işleýär. Lukmanlaryň maslahat bermegi bilen ene-ata türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna ýüz tutýarlar. Gaznanyň halkara gatnaşyklarynyň netijesinde laýyk gelýän donor materialyny tapmak başardýar. Türkmen hünärmenleri operasiýany ýokary derejede üstünlikli geçirýärler we bu ýagdaý oglanjygyň täzeden durmuşa dolanmagyna mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatry «Howandar» spektaklynyň ilkinji görkezilişini hödürledi Dramaturg Gadam Kakabaýew neşire beren interwýusynda: «Men eseriň baş gahrymanlaryna bilkastlaýyn at bermedim. Ähli keşpler diňe «eje», «kaka», «ogul», «gyz» diýlip atlandyrylýar. Munuň bilen men şeýle ýagdaýyň islendik maşgalanyň başyna gelip biljekdigini nygtamak isledim» — diýip, belledi. Spektaklyň sahnalaşdyrylyşynda kölege teatrynyň görnüşinden hem ussatlyk bilen peýdalanylypdyr. Gahrymanlaryň ak reňkdäki egin-eşiklerine aýratyn üns çekilýär. Bu reňk spektaklyň ilkinji sahnasyndan başlap tomaşaçyny lukmançylyk dünýäsine aralaşdyrýar. Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatry «Howandar» spektaklynyň ilkinji görkezilişini hödürledi Spektaklda tejribeli artistler Şemşat Kasymowa (eje) we Kakymyrat Bazarow (kaka) bilen birlikde çagalar — Kakamy­rat Sapyýew (ogul) we Züleýha Sapyýewa (gyz) hem çykyş etdiler. Ýaş artistleriň tebigy we erkin oýny sahnada adaty maşgalanyň janly durmuşyny döretmäge ýardam etdi. Çeşmäniň bellemegine görä, tomaşaçylar ajaýyp döredijilik işi üçin artistlere we režissýora ýerlerinden turup, uzak wagtlap el çarpyp, minnetdarlyk bildirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir