Ýaponiýanyň Nagoýa şäherine düşen çabga ýagynlarynda 40-dan gowrak adam ejir çekdi diýip, «Kyodo» agentligine salgylanýan «Belta.by» habar berdi. Awtoulag ýollary, demir ýollar we beýleki infrastruktura gark boldy. 200 töweregi awtoulaga zeper ýetdi. 2,7 müň töweregi adam ýörite gaçybatalgalara göçürildi. Ýaponiýanyň meteorologik agentligi ýagyşlaryň ýurduň köp ýerinde 10-njy sentýabra çenli dowam etjekdigini, süýşgünleriň döremek töwekgelçiligi barada duýdurdy.