Abhaziýanyň Prezidenti Badra Gunba ýerli awtorlar tarapyndan surata düşürilen multiplikasion filmiň gahrymanlarynyň birine ses berdi. Ol «Nart Sasrykwa» multfilminiň demirçi ussa gahrymanyny saýlady diýip, «ria.ru» neşiri ýazýar. «Men tomaşaçylar Prezidentiň sesini tanarlar diýip pikir edýärin, sebäbi onuň pesden ýogyn sesi bar. Maňa pes güýçli ýogyn ses gerekdi. Döwlet Baştutany bu taslama gatnaşmaga isleg bildirdi, ol demirçi ussa Aýnara ses berdi» diýip, multfilmiň režissýory Astamur Kwinisiýa gürrüň berdi. Abhaz eposynyň meşhur gahrymany Nart Sasrykwa bagyşlanan multfilmiň üstünde iki ýyl işlenildi. Ol 36 minut dowam edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir