Türkmenistanyň Mary welaýatynda «LORS» haryt nyşany bilen sowadyjy enjamlaryň ilkinji köpçülikleýin önümçiligi ýola goýuldy. Sowadyjylary 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda döredilen «Gyrawly suw» hojalyk jemgyýeti öndürýär. Bu barada «RYSGAL» gazetiniň maglumatlaryna salgylanyp, ussatnews.com habar berýär. Kärhana Mary etrabynda ýerleşip, Hytaýdan getirilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir. Häzirki wagtda bu ýerde öýler we söwda nokatlary üçin niýetlenen sowadyjylaryň 7 görnüşi öndürilýär. Geljekde ofisler we kärhanalar üçin sowadyjylary öndürmek, şeýle hem önümleri daşary ýurt bazarlaryna çykarmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda kärhananyň aýlyk önümçilik kuwwaty 600 sowadyja barabardyr. Ýakyn geljekde bu görkezijini 1500 we ondan hem köp birlige ýetirmek meýilleşdirilýär. Lomaý satyn alyşlar üçin 3 ýyl möhlet bilen kepillik berilýär. Çeşmäniň bellemegine görä, sowadyjylaryň düzüm bölekleriniň ep-esli bölegi gönüden-göni kärhananyň özünde öndürilýär.