9-njy sentýabrda birža söwdalarynda daşarky bazarda Hindistan döwletiniň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň saýtynda habar berildi. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 97 272 000,00 manada we 141 750,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy. Içerki bazarda ýerli işewürleri Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginden pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygyny (SŽK), Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň goýy ekstraktyny we «Türkmenpagta» döwlet konserninden pagta süýümini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir