«Arkadagyň ruhy metjidi» dini guramasynyň başlygy, baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda Medine şäherinde birnäçe duşuşyk geçirdi. Medinäniň Yslam uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşyk Ýalkap Hojagulyýew Medinäniň Yslam uniwersitetiniň prezidenti doktor Saleh bin Ali Al-Akla bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy «Arkadagyň ruhy metjidiniň» gurluşygy we onuň ýanynda ýokary okuw mekdebini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem Saud Arabystanynyň yslam bilimi ulgamyndaky tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi. Taraplar dini bilimler ulgamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça Medinäniň Yslam uniwersiteti bilen «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanynda döredilýän ýokary okuw mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşmak barada ylalaşyk gazanyldy. «Arkadagyň ruhy metjidi» dini guramasynyň ýolbaşçysy Saud Arabystanynda duşuşyklary geçirdi Ýalkap Hojagulyýew doktor Saleh bin Ali Al-Aklany Arkadag şäherinde gurulýan ýokary okuw mekdebi bilen tanyşmak üçin Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Öz nobatynda, doktor Saleh uniwersitetde 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçiriljek halkara ylmy maslahat barada habar berip, türkmen tarapyny oňa gatnaşmaga çagyrdy. Duşuşygyň ahyrynda türkmen wekiliýetiniň agzalary uniwersitetiň degişli fakultetleri we okuw merkezleri bilen tanyşdyryldy. Pygamber metjidiniň ýanyndaky institutda duşuşyk Şol gün Ýalkap Hojagulyýew Pygamber metjidiniň ýanyndaky institutyň ýolbaşçysy, ýokary dini bilim bölüminiň dekany doktor Salman bin Jaudulla Al-Fakih bilen duşuşdy. Doktor Salman türkmen wekiliýetini Pygamber metjidiniň we onuň garamagyndaky institutyň dolandyryş ulgamy, şeýle hem okuw işini guramagyň usulyýeti we aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. «Arkadagyň ruhy metjidi» dini guramasynyň ýolbaşçysy Saud Arabystanynda duşuşyklary geçirdi Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy «Arkadagyň ruhy metjidiniň» gurluşygy we onuň ýanynda ýokary okuw mekdebini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Şeýle hem täze toplumyň dolandyrylyşyny guramak meselelerinde yslamyň iki esasy mukaddes ýeriniň biri bolan Pygamber metjidi bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi. Taraplar yslam ylymlary we talyplar üçin okuw maksatnamalary babatda tejribe alyşmak meselelerini, şeýle hem bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň hukuk esaslaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir