Meşhur «Günorta seýilgäh» amerikan animasion serialynyň awtorlary Mett Stoun hem-de Treý Parker onuň adynyň üýtgedilendigini habar berdiler. Muňa amerikan lideri Donald Trampyň Ontario kölüniň adyny «Amerika köli» diýip üýtgetmegi sebäp boldy diýip, «MIR 24» ýazýar. «Appleniň we Googleniň watanperwerliginden ruhlanyp, biz serialymyzyň «Günorta seýilgäh» adyny «Günorta Amerika» diýip üýtgedýäris» diýip, serialyň awtorlarynyň biri aýtdy. Serialyň 16-njy sentýabrda başlanjak nobatdaky 29-njy möwsümi täze at bilen teletomaşaçylara ýetiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir