«Arkadagyň ruhy metjidi» dini guramasynyň başlygy, baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew iş sapary bilen Saud Arabystany Patyşalygynda bolup, 2026-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda Medinäniň Yslam uniwersitetiniň prezidenti, doktor Saleh bin Ali Al-Akla bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar Medinäniň Yslam uniwersiteti bilen Arkadag şäherinde «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanynda döredilýän ýokary okuw mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşmak barada ylalaşdylar. Resminama dini bilimler ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy göz öňünde tutýar. Ýalkap Hojagulyýew doktor Saleh bin Ali Al-Aklany «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanynda gurulýan ýokary okuw mekdebi bilen tanyşmak maksady bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Öz nobatynda, uniwersitetiň prezidenti 2027-nji ýylyň ýanwarynda Medinäniň Yslam uniwersitetinde geçiriljek halkara ylmy maslahat barada habar berip, türkmen tarapyny bu çärä gatnaşmaga çagyrdy.