Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde «Adam maýasyny strategik meýilleşdirmegiň milli ulgamy» taslamasynyň synag tapgyryny işe girizdi. Taslama demografik ýagdaýlaryň, bilimiň, hünär başarnyklarynyň ösdürilmeginiň we zähmet bazarynyň zerurlyklarynyň özara baglanyşygyny üpjün edýän, maglumatlara esaslanýan, sazlaşykly we ähli toparlaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan ulgamy döretmäge gönükdirilendir. Taslama esasy döwlet edaralarynyň we BMGÖM-niň halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen ilkinji utgaşdyryjy duşuşykda işe girizildi. Taslama milli edaralaryň maglumatlary seljermek, zerur hünär başarnyklaryny çaklamak we adam maýasyny strategik meýilleşdirmek boýunça mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berer. BMGÖM-niň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, esasy ugurlaryň biri giňişleýin strategik seljermäni geçirmek we ösüş ugurlarynyň dürli ssenarilerini taýýarlamak üçin maglumatlary ýygnamak we seljermek bolar. Şeýle hem Türkmenistan üçin adam maýasynyň geljekki ösüşini çaklamak we hünär başarnyklaryny meýilleşdirmek boýunça öňdengörüjilik — forsayt işleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Halkara bilermenleriniň saparynyň çäklerinde esasy ministrlikler we pudaklaýyn edaralar bilen maslahatlaşmalar geçiriler. Olarda adam maýasyny meýilleşdirmegiň häzirki çemeleşmeleri, zähmet bazarynyň zerurlyklary, elýeterli maglumatlar we edaralaryň arasynda özara hyzmatdaşlygyň mehanizmleri ara alnyp maslahatlaşylar. Maslahatlaşmalaryň netijeleri milli ulgamy mundan beýläk kemala getirmek işlerinde göz öňünde tutulýar. Türkmenistanda adam maýasyny meýilleşdirmek boýunça taslamanyň synag tapgyry işe girizildi «Adam maýasyny ösdürmek durnukly ösüşiň iň möhüm şertleriniň biridir. Türkmenistanyň ýaş ilaty ýurduň geljegi üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Biziň umumy wezipämiz bolsa ýokary hilli bilim, hünär başarnyklaryny ösdürmek, innowasiýalar we mynasyp zähmet çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek arkaly bu mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegine ýardam bermekden ybarat» — diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan belledi. «Bilim demografik mümkinçilikleri hünär taýdan taýýarlykly, öndürijilikli we bäsdeşlige ukyply adam maýasyna öwürýän esasy mehanizmdir. Şonuň üçin biz bu taslamany diňe bir seljerme işi hökmünde däl-de, eýsem meýilleşdirmegiň amaly milli guraly hökmünde kabul edýäris. Taslama orta we uzak möhletleýin geljekde Türkmenistana nähili hünärmenleriň we hünär başarnyklarynyň zerur boljakdygyna düşünmäge, bu zerurlyklary işgärleri taýýarlamak ulgamy bilen baglanyşdyrmaga, şeýle hem bilim ulgamyndaky ileri tutulýan ugurlar we okuwa kabul etmek boýunça çözgütleriň obýektiw maglumatlara esaslanmagyny güýçlendirmäge ýardam bermelidir — diýip, Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew belledi. —Taslamanyň ahyrky ähmiýeti demografik ýagdaýlary, zähmet bazarynyň isleglerini we bilim ulgamynyň meýilleşdirilmegini bir bitewi ulgama birleşdirýän durnukly mehanizmi döretmegiň başartjakdygyna bagly bolar. Bu bolsa döwletimize zerur adam serişdelerini öňünden taýýarlamaga, işgär ýetmezçiligi ýüze çykandan soň oňa jogap bermek bilen çäklenmän, öňüni almaga mümkinçilik berer». Bu başlangyç Türkmenistanyň bilim we adam maýasyny ösdürmek, sanly özgertmeler, zähmet bazary we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak babatdaky milli ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin strategiýasy, şeýle hem onuň 2026–2030-njy ýyllar üçin durmuşa geçiriliş meýilnamasy we beýleki milli maksatnamalar hem-de konsepsiýalar bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir