Häzirki günde Russiýanyň paýtagtynda iň garry ýaşaýjy zenanyň 108, iň goja erkegiň 105 ýaşy bar. Bu barada paýtagtyň Zähmet we ilaty sosial taýdan goramak edarasyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Moskwada ortaça garaşylýan ömür dowamlylygy 2026-njy ýylda 80 ýaşdan geçer diýlip bellenilýär. Hünärmenler moskwalylaryň ömür dowamlylygynyň artmagyny öňüni alyş lukmançylygynyň, emeli aňyň hem-de şäher gurşawynyň ösüşi bilen baglanyşdyrýarlar. Russiýanyň iň uzak ýaşly ýaşaýjylary bolan sebitleriniň hatarynda ilkinji orny Inguşetiýa eýeledi, ondan soňra Dagystan, Moskwa, Kabardin-Balkar we Garaçaý-Çerkez ýerleşdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir