9-njy sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Lýanýuhan şäherinde «Migrasiýa gözegçiligi ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça kiçi forumy» öz işine başlady. Foruma birnäçe daşary ýurt döwletleriň, guramalaryň wekilleri we şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi. Türkmenistanyň migrasiýa gullugynyň wekilleri Hytaýda geçirilýän foruma gatnaşýarlar Forumyň gün tertibi migrasiýa ulgamyndaky giň gerimli möhüm wezipeleri öz içine alyp, onuň barşynda sebit we ählumumy derejelerde migrasiýany dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyklar ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem howpsuz, düzgünleşdirilýän we kanuny migrasiýany dolandyrmagyň meseleleri boýunça özara pikir alyşyldy. Taraplar migrasiýa ulgamynda işleýän edaralarda döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, resminamalaryň sanly dolanyşygynyň ýola goýulmagy, raýatlara sanly programmalary we täze tehnologiýalar arkaly tiz wagtda, ýokary hilli migrasiýa hyzmatlarynyň berilmegi babatda sebitdäki ýurtlaryň ýeten derejesi barada giňişleýin pikir alyşdylar. Forum öz işini 11-nji sentýabra çenli dowam eder.