TRACEKA-nyň Hökümetara komissiýasynyň Bakuwdaky Hemişelik sekretariatynyň ştab-kwartirasynda gibrid formatda «Köp görnüşli sanly Hazarüsti geçelgesini ösdürmek: usulyýet we indiki ädimler» atly XXII Halkara maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdylar. «AZERTAJ» agentliginiň habar bermegine görä, çäräni BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy TRACEKA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariaty beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurady. Türkmenistan «Köp görnüşli sanly Hazarüsti geçelgesini ösdürmek: usulyýet we indiki ädimler» atly halkara maslahata gatnaşdy 8-nji sentýabrda geçirilen çärä Türkmenistan bilen bir hatarda, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Bolgariýanyň, Gruziýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Rumyniýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Ukrainanyň wekilleri gatnaşdylar. Tematiki mejlislerde we hünärmenleriň «tegelek stol» maslahatlarynda gatnaşyjylar ugradylýan resminamalary sanlylaşdyrmak hem-de maglumat alyş-çalşygynda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek meselelerini maslahatlaşdylar. Maslahat 2023-nji ýylyň noýabr ayýynda SPEKA sammitinde ýurtlaryň Liderleri tarapyndan tassyklanan Hazarüsti ugur boýunça köp görnüşli maglumat alyşmagy sanlylaşdyrmak boýunça «Ýol kartasyny» durmuşa geçirmekde nobatdaky amaly ädim boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir