Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllygy mynasybetli Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Forum 9-njy sentýabrda öz işine başlady. Bu barada «AZERTAJ» habar berýär. Türkmen wekiliýeti XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar Çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň we Folklor institutynyň guramagynda hem-de Türk Hyzmatdaşlyk we Koordinasiýa Agentliginiň (TİKA), TÜRKSOÝ-yň goldamagynda geçiriliýär. Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna Azerbaýjan bilen bir hatarda Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Mongoliýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň we Russiýanyň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen wekiliýeti XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar Halkara çärede Ýewraziýanyň taryhy we medeni ösüşinde möhüm rol oýnan Altaý jemgyýetleriniň taryhynyň, medeniýetiniň we siwilizasiýa mirasynyň dürli taraplary ara alnyp maslahatlaşylýar. Dört gün dowam etjek simpoziumyň çäklerinde 15 ýurda wekilçilik edýän alymlaryň we hünärmenleriň jemi 121 sany hasabatyny diňlemek göz öňünde tutulýar.