Şwesiýanyň ilaty pes migrasiýa, dogluşyň peselmegi we ilatyň garramagy bilen baglylykda, 2100-nji ýyla çenli häzirki 10,6 millionlygyndan 6,6 milliona çenli azalyp biler. Bu barada ýurduň Hökümetiniň sargydy boýunça bilermenler toparynyň taýýarlan nutugyna salgylanýan «Sveriges Radio» habar berdi. Nutugy taýýarlan toparyň ýolbaşçysy Lund uniwersitetiniň milli ykdysadyýet kafedrasynyň dosenti Osy Hanssonyň sözlerine görä, ýurtda çagalar hem-de işe ukyply adamlar azalar, şol bir wagtda garrylaryň sany artmagyny dowam eder. Bu bolsa, öz gezeginde, şwed ykdysadyýeti üçin çynlakaý kynçylyklary döreder. Ykdysadyýetçiler ýurda has köp zähmet migrantlarynyň gerekdigini belleýärler. Şwesiýanyň birgiden pudaklary eýýäm işgär ýetmezçiligini başdan geçirýärler diýlip, habarda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir