Sankt-Peterburgyň wise-gubernatory Wladimir Omelniskiý türkmen mekdepleriniň iň gowy uçurymlaryny bütinrussiýa derejesinde geçirilýän «Elwan ýelkenler» atly uçurymlar baýramçylygyna çagyrdy. Omelniskiý Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň tabşyrygy boýunça Aşgabatda iş saparynda bolýar. Saparyň esasy maksady Sankt-Peterburg bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat. «Çagalar meselesi barada aýdylanda bolsa, men mekdepleriňizi tapawutlanan, ýokary bahaly şahadatnamalary alan uçurymlaryna biziň ýanymyza uçurymlar baýramçylygy — «Elwan ýelkenler» baýramyna gelmegi teklip etdim. Bu, hut uçurymlara bagyşlanan ägirt uly çäre» — diýip, ol Aşgabatdaky Russiýanyň ilçihanasynda geçirilen duşuşykda žurnalistlere gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bu baýramçylyga hemişe aýratyn üns berýär. Ol ýaşlaryň kämillik durmuşa ilkinji ädimlerini ädýän döwründe olary goldamagyň möhümdigini nygtaýar.