Türkmenistanyň wekiliýeti 7–8-nji sentýabrda Ankarada geçirilen «Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda akuşer lukmanlaryň işinde ösüşi çaltlandyrmak» atly sebit maslahatyna gatnaşdy. Çärä Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrlikleriniň wekilleri, halkara bilermenler hem-de degişli pudagyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Duşuşygyň esasy maksady sebitde durnukly hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem howpsuz eneligi üpjün etmäge we saglygy goraýyş ulgamlaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen köpýyllyk milli hereket meýilnamalaryny işläp taýýarlamak arkaly akuşerçilik ulgamynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ösdürilmegini goldamakdan ybarat boldy. Türkmenistan Ankarada akuşerçilik ulgamyny ösdürmek boýunça sebit maslahatyna gatnaşdy Forumy Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy (UNFPA) Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrligi we Türkiýäniň Hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak agentligi (TİKA) bilen bilelikde gurady. Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň metbugat beýanatynda bellenilişine görä, maslahat syýasy dialogy ilerletmek, milli tejribeleri halkara standartlary bilen sazlaşdyrmak, şeýle hem eneleriň we täze doglan çagalaryň saglygyny goramak babatda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin strategik platforma bolup hyzmat edýär.