Ahalteke bedewleriniň keşbini häzirki zaman sungatynda açyp görkezmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň suratkeşlerine pul baýraklary gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. Bäsleşik Niderlandlarda geçirilen atly sport boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde guralan çäreleriň bir bölegi bolup, ol nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, halyçylyk, zergärçilik we fotosungat ugurlary boýunça geçirildi. «Nakgaşlyk» ugry boýunça işleriň arasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Arslan Atahanowyň eseri eminler topary tarapyndan ýokary baha mynasyp görüldi. Onuň surat eserinde milli däp-dessurlara laýyk bezelen ak bedew Garaşsyzlyk binasynyň öňünde şekillendirilýär. Arassa gök asmanyň ýüzünde ganat ýaýyp uçýan ak kepderiler bolsa ýurduň garaşsyz we hemişelik Bitaraplyk derejesini alamatlandyrýar. «Halyçylyk» ugry boýunça Türkmenistanyň «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň baş hünärmeni Ogulmaral Amanjаýewanyň eseri iň gowy iş hökmünde ykrar edildi. Türkmenistanly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine pul baýraklary gowşuryldy Ikinji orun Çeperçilik akademiýasynyň halyçylyk kafedrasynyň mugallymy Bahar Pirgulyýewa berildi. «Fotosungat» ugry boýunça ukrain suratkeşi we fotosuratçysy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, seýrek duş gelýän atşynaslyk žanry bolan atly portret ugrunda işleýän Witaliý Osowski ýeňiji boldy. «Heýkeltaraşlyk» ugry boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Patyk Patykow iň gowy işiň awtory diýlip ykrar edildi. At esbaplaryna baha berlen «Zergärçilik» ugry boýunça bolsa Türkmenistanyň Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Arslanmyrat Sähedow birinji orny eýeledi.