Şu ýyl Türkmenistan boýunça 580 müň gektar meýdana gowaça ekilip, bu günki günde onuň bol hasyly ýetişdirildi. Indiki maksat şol ýetişdirilen hasyly wagtynda ýygnap alyp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna 1 million 400 müň tonna ak pagtany sowgat etmekden ybarat diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Lebap welaýatynda pagtaçylar geçen ýazda jemi 130 müň gektar meýdana gowaçanyň iň köp hasyl berýän, kesellere durnukly sortlarynyň, 13 müň tonnadan gowrak tohumyny, agrotehniki talaplara görä, öz wagtynda ekmegi başardylar. Bu sortlaryň galabasy «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «S — 2006», «Ýolöten — 53» ýaly, ýurduň alymlary tarapyndan döredilen sortlar bolansoň, olar irki möhletlerde hasyla durýarlar. Şeýlelikde, ekiş möwsüminde Fransiýada öndürilen, çigidi takyk taşlaýan we telematik ulgam bilen dolandyrylýan «Monosem» gowaça ekijileriň welaýat boýunça 64-si gowaça ekişinde ulanyldy. Ekişden soň gowaça bejergisinde hem daşary ýurtlardan satyn alnan «Ortman-8375» kysymly 8 hatarly kultiwatorlaryň 33-si özüniň oňyn taraplaryny görkezdi. Bu kämil kultiwatorlar gowaçanyň düýbüni ýumşadýar hem-de dökün berýär. Her düýp gowaçada eýýäm 6 açylan gozanyň, 10 — 12 köregiň we 8 — 10 gülüň bolmagy ekinzarlyklaryň bu ýyl hem daýhana bereket eçiljekdiginiň alamaty. Welaýatda şu ýyl pagtaçy daýhanlaryň ýetişdiren hasylyny kabul edip alar ýaly harmanhanalaryň 44-si taýýarlanyldy. Olardaky ölçeýji gapanlar doly abatlanyp, bökdençsiz işlär ýaly ýagdaýdadyr. Her bir harmanhanada ýangyn howpsuzlygy boýunça ýörite okuwlar geçirilip, bölümler zerur serişdeler bilen üpjün edildi. Pagta daşaýan tehnikalar hem doly gözden geçirildi.