Russiýa bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň arasyndaky ilkinji awtoulag köprüsinde ulag hereketine badalga berildi. Köpri Russiýanyň Primorsk ülkesiniň Tumannaýa derýasynyň üstünde guruldy we ol ýurduň Hasan obasyny KHDR-iň Tumangan şäheri bilen birleşdirýär. «Armenpress» agentliginiň habaryna görä, köprüniň uzynlygy 1 kilometr, gapdal ýollary bilen bilelikde umumy uzynlygy 4,7 km-e deň. Täze geçelge günde 300 awtoulaga hem-de 2 müňden gowrak adama niýetlenendir. Desganyň gurluşygyna RF-niň Prezidentiniň 2024-nji ýylda Phenýana sapary wagtynda gol çekilen ylalaşykdan soňra badalga berildi. Öň iki ýurduň arasyndaky gury ýer aragatnaşygy diňe demirýol arkaly amala aşyrylýardy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir