Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik işgärleri Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň adybir eseri esasynda «Döwletli döwran geldi» atly spektakl sahnalaşdyrdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Spektaklda täze taryhy döwürde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň, ýurtda adam hakyndaky aladalaryň çeper beýany täsirli wakalaryň üsti bilen şöhlelendirilýär. Aýdym-sazly, şahyrana sahna eseri şüweleňli wakalary bilen tomaşaçylaryň dykgatyny özüne çekýär. Täze spektakly teatryň režissýory Guwanç Baýmedow sahnalaşdyrypdyr. Teatryň artistleri Hemra Dowlyýewiň, Ogulgerek Şyhyýewanyň, Nurjemal Hydyrowanyň, Begli Dowlyýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Halmyrat Şyhyýewiň, Meretdurdy Seýidowyň janlandyran keşpleri özboluşlylygy hem-de ynandyryjylygy bilen ýatda galýar.