Geçen tomus Italiýada 1950-nji ýyldan bäri synlamalaryň bütin taryhynda iň yssy boldy. Ýurduň Milli ylmy-barlaglar geňeşiniň (CNR) maglumatlaryna laýyklykda, möwsümde ortaça howa derejesi 24,3 gradusa deň boldy we 2003-nji ýyldaky rekordy täzeledi diýip, «rg.ru» habar berdi. Aýratyn hem awgust yssy häzirkizaman howa kadasyndan 3,5 gradus ýokary boldy. Italiýa soňky 76 ýyldaky iň yssy tomsy başdan geçirdi Iýul we awgust hem synlamalaryň taryhynda ilkinji gezek iň yssy aýlar hökmünde hasaba alyndy. Italiýa soňky 76 ýyldaky iň yssy tomsy başdan geçirdi Has ýokary derejeli yssy howa ýurduň demirgazyk-günbataryny we Apenniniň ýakalaryny gurşady. Oba hojalyk etraplarynda görülmedik jokrama yssy guraklyk bilen utgaşyp, fermerler üçin goşmaça kynçylyklary döretdi.