Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda geçirilýän «Migrasiýa gözegçiligi ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça kiçi foruma» gatnaşmak üçin iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär. Habarda bellenilişine görä, forumyň çäklerinde Lýanýuhan şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň Migrasiýa işleri boýunça müdirliginiň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, yzygiderli iş duşuşyklarynyň geçirilmeginiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin täsirli gural bolup durýandygy nygtaldy. Taraplar migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşinde halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň orny barada hem aýratyn nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw etdiler diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir