Aňrybaş oňaýly awtoulaglary öndüriji «Jaguar Land Rover» britan kärhanasy çykdajylary kemeltmek we bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak maksady bilen, tutuş dünýäde geljek iki ýylyň dowamynda 4 müň iş ornuny azaltmakçydygyny yglan etdi. «Reuters» agentliginiň ýazmagyna görä, kompaniýa şeýle etmek bilen, 2,30 milliard dollar tygşytlamak isleýär. «Jaguar Land Rover» iş orunlarynyň, esasan, Beýik Britaniýada azaldylmakçydygyny mälim etdi, kompaniýa şunda önümçilige degişli bolmadyk işgärlerini işden boşatmagy meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir