Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda pagty ýygymy bilen baglanyşykly geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatlarda bugdaý ekişine girişilip, jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin degişli çärelere görülýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilip, bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen doly üpjün etmek üçin degişli işler dowam edýär. Welaýatlaryň güýzlük gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Degişli şaly we gant şugundyry ekilen meýdanlarda bolsa agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri geçirilýär. Şeýle hem ýurtda mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli şu ýyl açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriň barşy barada hasabatlar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de pagta ýygymyna girişmek boýunça çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, bugdaý ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý ekişinde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde netijeli işletmegiň, bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmegiň, gowaça meýdanlarynda zyýan berijilere garşy göreşmek çäreleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlarda bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmek, Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.