Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Hindistan Respublikasynyň Aşgabatdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim we ylym ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda özara tejribe alyşmagyň maksatlaryny we wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Akademiýanyň berýän maglumatlaryna görä, duşuşygyň esasy maksady döwlet gullukçylarynyň we hünärmenleriň hünär derejesini hem-de hünär başarnyklaryny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, şeýle hem olara berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmekden ybarat boldy. Taraplar halkara derejesinde oňyn tejribeleri öwrenmek, döwlet we jemgyýetçilik dolandyryşy meselelerinde toplanan tejribeleri ýaýratmak, şeýle hem bu ugurda daşary ýurtlarda alnyp barylýan işler bilen tanyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda daşary ýurtlaryň degişli bilim we ylmy-barlag merkezleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga aýratyn üns berildi. Akademiýada netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtadylar. Şu güne çenli gazanylan netijeler bolsa bu strategiýanyň netijeliligini görkezýär.