Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde 5–6-njy sentýabrda geçirilen «Ylym festiwaly – 2026» atly çärä gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. Türkmen mugallymlary uniwersitetde biotehnologiýa pudagynda işlenip taýýarlanan birnäçe taslama bilen tanyşdyrdylar. Olaryň hödürlän ylmy çözgütleri ylmy forumyň gatnaşyjylarynda we myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi. Festiwalyň çäklerinde türkmen wekilleri Belarusyň dürli ylmy-barlag institutlarynyň öňdebaryjy professorlary we alymlary bilen genetika, seleksiýa, mikrobiologiýa, şeýle hem azyk we oba hojalyk biotehnologiýasy boýunça pikir alyşdylar. Belarusyň Milli Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralan bu forum Belarusdaky iň meşhur ylmy çäreleriň biri hökmünde ykrar edilýär. Ol köp ýyllaryň dowamynda Minsk şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlary bilen tanyşdyryp, ylym we tehnika dünýäsindäki bilimleri giňden wagyz etmäge ýardam berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir