A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda ýaş dramaturg Margarita Kazakowanyň pýesasy esasynda «Meni diňle!» spektakly sahnalaşdyryldy. Awtor baş gahryman Aýperiniň durmuş wakalarynyň üsti bilen ýaşlaryň maşgaladaky öz hukuklary ugrunda göreşi, iki nesliň arasyndaky gapma-garşylyk ýaly möhüm meseleleri gozgaýar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Spektakl häzirki ýaşlaryň pajygaly Aşgabat ýer titremesiniň agyr günlerinde mertligini ýitirmän, harabalyklary arassalap, şol ýerde dünýäniň iň gözel şäherleriniň birini täzeden bina eden nesliň dowamatydygyny tomaşaça ýatladýar. Gyzykly ýeri Margarita Kazakowa Aşgabatda hiç wagt bolmandyr. Ol «Meni diňle!» pýesasyny dürli çeşmelerden toplanan maglumatlaryň esasynda ýazypdyr. Bu işde esasy çeşmeleriň biri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabydyr. Spektaklyň režissýor-goýujysy Baýram Garajaýew hem, Margarita Kazakowa ýaly, Sankt-Peterburg döwlet medeniýet institutyny tamamlapdyr. Olaryň umumy döredijilik mekdebi spektakly döretmekde üstünlikli hyzmatdaşlygyň kemala gelmegine uly täsir edipdir. Spektaklda A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň öňdebaryjy artistleri çykyş edýärler. Ruhy taýdan güýçli baş gahryman Aýperiniň keşbini ýaş aktrisa Mariýa Durdyýewa ýerine ýetirýär. Maşgaladaky gapma-garşylygyň döremegine sebäp bolan daýy Begliniň keşbini Kerim Ataýew janlandyrýar. Türkmen zenanlarynyň keşplerini Türkmenistanyň at gazanan artisti Swetlana Troiskaýa we Alina Andronowa ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Habarda bellenilişi ýaly, «Meni diňle!» spektakly teatr döredijilik toparynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli taýýarlan sowgadydyr. Şol bir wagtyň özünde, ol sentýabr aýynyň başynda ýurdumyzyň ähli teatr sahnalarynda geçirilýän teatr forumyna hem gatnaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir