Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän Nurmämmet Kakabaýew her gününi paýtagtymyzyň suw akabasynyň kenaryndaky gök zolaklaryň ugrunda irdenki ylgaw bilen başlaýar. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, häzirki wagtda 67 ýaşly höwesjeň özi üçin täze aralyga taýýarlyk görýär. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli 35 kilometr aralygy ylgap geçmegi meýilleşdirýär. Bu sport üstünligini gazanmak üçin paýtagtyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähi saýlanyldy. «Men üçin ylgaw, ilkinji nobatda, akyl zähmetinden soňky dynç alyşdyr, sebäbi men habarçy bolup işleýärin. Men eýýäm 23 ýyldan bäri ylgap gelýärin, ýöne hakyky türgen däl. Ylgaw meniň üçin öz-özüňi ýeňmek, bedeniň nämelere ukyplydygyny ýüze çykarmak mümkinçiligidir. Irdenki ýeňil ylgaw bolsa bütin gün üçin güýç-kuwwat berýär» — diýip, N. Kakabaýew gürrüň berýär. Ol, adatça, 10 we 20 kilometr aralyklarda ylgaýar. Şu ýylyň aprel aýynda «Dostlugyň ganatlary» atly halkara ylgaw ýaryşyna gatnaşyp, köpçülikleýin ylgawyň 10 kilometrlik aralygyny ýeňillik bilen geçdi we ýadygärlik medaly bilen sylaglandy. öwesjeň türgeniň sözlerine görä, yzygiderli geçirilýän türgenleşikler oňa derman serişdelerini ulanmakdan doly ýüz öwürmäge mümkinçilik beripdir. Çeşmäniň bellemegine görä, onuň her gezek saglyk öýüne baranda lukmanlaryň haýran galmagyna sebäp bolýar, sebäbi onuň ýaşyna garamazdan, ýüregi edil sagat ýaly sagdyn we kadaly işleýär.