Pekin şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda içeri işler we jemgyýetçilik howpsuzlygy ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada uza.uz saýty habar berýär. Bu duşuşyk oňa gatnaşýan taraplara terrorçylyga we ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, adam söwdasyna we kiberjenaýatçylyga garşy netijeli göreşmekde döwletleriň arasynda operatiw maglumat çalşygyny we utgaşdyrylan hereketleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretdi. Gepleşiklerde degişli meseleler boýunça tejribe alyşmak, amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek we döwrebap tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Çäräniň çäklerinde wekiliýetler Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylary üçin döredilen okuw toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Bu okuw edarasy gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we amaly başarnyklary kämilleşdirmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat eder. Çäräniň dowamynda Hytaýyň jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek, sanly tehnologiýalary hukuk goraýjy edaralaryň işine ornaşdyrmak baradaky tejribesiniň Merkezi Aziýa döwletleri üçin uly ähmiýete eýedigi, özara tejribe alyşmagyň bolsa jenaýatçylygyň täze görnüşlerine garşy göreşmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga hyzmat etjekdigi aýratyn bellenildi.