Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça Ýokary komissary Folker Türk duşenbe güni emeli aňyň ösüşiniň adamzat üçin howp döredip biljekdigini barada pikirini paýlaşdy diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi. Ýokary komissar bu barada Ženewada geçen Adam hukuklary boýunça 63-nji sessiýada çykyşynda nygtady. Onuň sözlerine görä, häzirki zaman dünýäsinde birnäçe adamyň elinde EA-nyň üstünden çäksiz häkimlik jemlenendir. Folker Türk şunuň bilen baglylykda, heniz giç bolmanka, EA-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin giň möçberli tagallalara çagyrdy.