Ählumumy maýlama Russiýanyň kenarýakalarynda soňky ýyllarda 30 sany täze adanyň döremegine getirdi. Bu barada Telegram-ýaýlymlara salgylanýan «ria.ru» habar berdi. 2025-nji ýylda Nowaýa Zemlýa (Täze Ýer diýen) arhipelagyndaky Borzowyň aýlagynyň uzynlygy 400 metr we giňligi 121 metre deň bolan bölegi materik buzlugyndan bölündi. Alym Andreý Leonowyň sözlerine görä, muňa buzluklaryň çalt eremegi sebäp boldy. Netijede, soňky 15 ýylda Russiýanyň Arktikasynda 28 sany täze ada açyldy, olaryň ählisi-de ýurduň demirgazygynda ýerleşýär. Olaryň iň ulusy Frans-Iosifiň Ýerinde ýerleşip, 200 inedördül kilometri tutýar, bu Manhetteniň meýdanyndan hem uludyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir