2026-njy ýylyň 4–7-nji sentýabry aralygynda Portugaliýanyň Lissabon şäherindäki Kongresler merkezinde 9-njy Bütindünýä «Bitewi saglyk» kongresi geçirilýär. Ol adamlaryň, haýwanlaryň we daşky gurşawyň saglygynyň özara baglanyşygyna bagyşlanan iri halkara forumlaryň biridir. Çäräni «Bitewi saglyk» atly halkara jemgyýetçilik guramasy guraýar. Kongres dürli ýurtlardan ylmy we bilermenler toparlarynyň, döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekillerini, şeýle hem amaly ugurda işleýän hünärmenleri bir ýere jemleýär. Dört günüň dowamynda kongrese gatnaşyjylar saglygy goraýyş ulgamynda ählumumy howpsuzlyk, ýokanç we zoonoz keselleriň öňüni almak, azyk ulgamlarynyň durnuklylygy, mikroblara garşy serişdeleriň täsirliliginiň peselmegi, biologik howpsuzlyk, howanyň üýtgemegi, ekoulgamlary goramak, şeýle hem «Bitewi saglyk» çemeleşmesini milli we halkara derejede iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň mehanizmleri ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Forumda ýurdumyza Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň halkara we ylmy gatnaşyklar bölüminiň başlygy, «Bitewi saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça milli utgaşdyryjy Arslan Soltanmyradow wekilçilik edýär. Kongresiň çäklerinde Arslan Soltanmyradow «Bitewi saglyk» meselelerine bagyşlanan panel mejlisine gatnaşyp, adam, haýwan we daşky gurşaw saglygy ulgamynda pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de milli hyzmatdaşlyk mehanizmlerini pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň çemeleşmeleri we hünär tejribesi bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň 9-njy Bütindünýä «Bitewi saglyk» kongresine gatnaşmagy ýurduň halkara hünär dialogyna yzygiderli gatnaşýandygyny, şeýle hem adamlaryň we haýwanlaryň saglygyny, biologik howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini görkezýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir