Kolumbiýaly aýdymçy Şakira noýabr aýynda Bişkek şäherinde çykyş edip biler. Gyrgyzystanyň wekilleri aýdymçynyň topary bilen konsertiň geçirilmeginiň şertleri boýunça gepleşikleri alyp barýarlar, emma onuň takyk senesi entek tassyklanylmady. Bu barada 24.kg saýtynda habar berilýär. Aýdymçynyň Gyrgyzystanda çykyş etmeginiň mümkindigi barada ýurduň Prezidentiniň Iş dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysy Kanybek Tumanbaýew habar berdi. Ol sosial ulgamlarda aýdymçy bilen düşürilen wideony ýerleşdirip, oňa: «Şakira! Tiz wagtda «Bişkek Arenada»! Garaşýarsyňyzmy?» diýen ýazgyny goşdy. Prezidentiň Iş dolandyryş edarasynda häzirki wagtda taraplaryň konsertiň geçirilmegi bilen bagly guramaçylyk meselelerini ylalaşýandyklary tassyklandy. Konsertiň FIFA-nyň standartlaryna laýyklykda guralan we 51 müň töweregi tomaşaçyny kabul etmäge ukyply täze «Bişkek Arena» stadionynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu desga 31-nji awgustda VI Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gabatlanyp ulanylmaga berildi. Dabarada amerikaly aýdymçy Nikol Şerzinger hem çykyş etdi. Guramaçylar häzirlikçe petekleriň bahasyny we olaryň satuwynyň başlanjak senesini mälim etmeýärler. Şakiranyň resmi saýtynda ýerleşdirilen dünýä konsert syýahatynyň meýilnamasynda häzirki wagtda Bişkekdäki çykyş görkezilmeýär. Bu sebitde aýdymçynyň tassyklanan iň ýakyn çykyşy 28-nji noýabrda Müsüriň Giza piramidalarynyň ýanynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir