Şu hepdede UEFA-nyň 2026/27-nji futbol möwsümindäki Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry başlanýar. «Belet» platformasy tapgyryň çäginde Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynyň gatnaşmagyndaky sekiz duşuşygy göni ýaýlymda görkezer. 8-nji sentýabrda ýaýlymda «Brýugge» — «Aston Willa» (21:45), şeýle hem «Real Madrid» — «Inter» (00:00, 9-njy sentýabrda) duşuşyklary görkeziler. Ertesi gün — 9-njy sentýabrda «Barselona» — «Feýenoord» (21:45), şeýle hem «Napoli» — «Arsenal» (00:00, 10-njy sentýabrda) duşuşyklary göni ýaýlyma çykarylar. 10-njy sentýabrda «Liwerpul» — «Atletiko Madrid» (00:00), «Fenerbahçe» — «Roma» (21:45) we Doneskiň «Şahtýory» — PSW (21:45) duşuşyklarynyň ýaýlyma berilmegi meýilleşdirilýär. Duşuşyklaryň bu tapgyry 11-nji sentýabrda sagat 00:00-da geçiriljek «Mançester Ýunaýted» — «Sabah» duşuşygy bilen tamamlanar. Ýokarda görkezilen duşuşyklary «Belet» platformasynda göni ýaýlymda görüp bolar. Ýaýlymlara «Sport» bölüminden tomaşa edip bolýar. Bu bölüme giriş «Premium» nyrh meýilnamasyna abuna ýazylan ulanyjylara elýeterlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir