Lebap sement zawodynyň çäginde polipropilen haltalaryny öndürýän önümhana işe girizildi. Bu «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, ýyllyk kuwwaty 1 million tonna deň bolan ikinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi bilen döwrebap kärhananyň önümçilik mümkinçilikleri 2 esse artdyryldy. Ýylda 2 million tonna önüm taýýarlamaga niýetlenilen bu kuwwatly kärhanada portland sementiň S-400 we S-500 görnüşleri, duza durnukly sement, klinker ýaly önümler öndürilip, ýurtda giňden ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerinde ulanylýar. Täze önümhananyň kuwwatlylygy ýylda göwrümi 50 kilogramlyk haltalaryň 30 millionyny, 1 hem-de 1,5 tonnalyk polipropilen haltalaryň-da 1 millionyny öndürmeklige niýetlenilendir. Munuň özi ýurduň ugurdaş sement kärhanalaryny hem polipropilen haltalary bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik döredýär. Şonuň ýaly-da bu ýerde ini 52; 66; 101 hem-de 185 santimetr bolan haltalyk matalaryň öndürilmegi, ýurduň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň polipropilen haltalaryň dürli görnüşlerine bolan isleglerini kanagatlandyrýar. Täze önümçiligiň ýola goýulmagy etrabyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligini hem gowulandyrdy. Bu ýerde öndürijilikli zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikler, amatly şertler döredilipdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir