Täjigistanda senagat önümçiligi 2026-njy ýylyň ýanwar-iýuly aralygynda geçen ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende, 13,1 göterim ösüş görkezdi. Bu barada Ýewropa Ösüş bankynyň hepdelik makroykdysady synyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Aýratyn hem Täjigistanyň gaýtadan işleýän senagat pudagynda ýokary depgin hasaba alyndy — pudagyň önüm öndürijiligi ýyllyk aňlatmada 24,7 göterim artdy. ÝÖB-niň bahalandyrmasyna görä, muňa senagat önümçiliginiň tehnologiýasynyň ýokarlandyrylmagy sebäp boldy. Täjigistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi ýokary içerki we daşky islegiň hasabyna goldanylýar. Mysal üçin, ýanwar-iýulda bölek satuwlar 2025-nji ýylyň degişli döwründäkiden 30,4 göterim, maýa goýumlar 35,9 göterim, dollar aňlatmada eksport 57,2 göterim ýokarlandy diýip, iri maliýe edarasynyň synynda bellenýär.