Sankt-Peterburgyň wise-gubernatory Wladimir Omelniskiý Türkmenistana saparynyň dowamynda Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärligine gül goýup, gabaw astyndaky Leningradyň goragçylarynyň hatyrasyny hormatlady. «Biz dürli taryhy döwürlerde türkmen halkynyň görkezen gahrymançylygyny alamatlandyrýan ajaýyp «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna baryp gördük we bu belent ýadygärlige gül goýup, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Leningrad şäherini gorap, wepat bolanlaryň hatyrasyny hormat bilen ýatladyk» — diýip, ol Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynda geçirilen çärede žurnalistlere gürrüň berdi. Ol Sankt-Peterburgyň hökümetiniň adyndan türkmen halkyna uruş ýyllarynda gabaw astyndaky Leningradyň ýaşaýjylaryna görkezen goldawy üçin minnetdarlyk sözlerini ýetirdi. «Beýik Watançylyk urşy döwründe Leningrad şäheriniň ýaşaýjylarynyň, şol sanda gabawdan geçen adamlaryň nähili mähir we alada bilen garşy alnandygy üçin bütin türkmen halkyna minnetdarlyk sözlerimizi ýetirmek isleýärin. Bu Leningrad şäherinden we onuň töwereklerinden gelen 32 müň adamdy. Olar bu ýerde özlerine ikinji bir öý tapdylar» — diýip, wise-gubernator aýtdy. 872 gün — 1941-nji ýylyň 8-nji sentýabryndan 1944-nji ýylyň 27-nji ýanwaryna çenli dowam eden Leningradyň gabawy Beýik Watançylyk urşunyň taryhyndaky iň pajygaly sahypalaryň birine öwrüldi. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy Aşgabatda 2014-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda açyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir