Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmene belent ykbal bolan behişdi bedewleri, türkmen tebigatynyň, milli gymmatlyklarynyň waspyny ýetirýän çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Türkmeniň buýsanjy» atly goşgusyny ýazdy. Arkadagly Gahryman Serdaryň goşgusy «Türkmenistan» gazetinde çap edildi. Türkmeniň buýsanjy Beýik taryh — beýik geljege binýat, Bu bir röwşen ykbalydyr türkmeniň. Geçmişe buýsançdyr, şu güne şöhrat, Bedew ruhy ahwalydyr türkmeniň. Jümle-jahan gözelligi görkünde, Alys-alys ýollar onuň erkinde, At myratdyr, at ganatdyr türkmende, Ol kämillik kemalydyr türkmeniň. Niçik gudrat eneleriň yhlasy, Göýä güller açan köňül sährasy, Nepis haly — eýýamlaryň mirasy, Şanly ömür beýanydyr türkmeniň. Mydam goraga sak, hüşgär hem düşbi, Wepaly alabaý — dostlugyň keşbi, Asyrlaryň uzak menzilin geçdi, Hemişelik hemrasydyr türkmeniň. Owazasy ýedi yklyma ýaýran, Beýik sungatyna giň dünýä haýran, Halkyň göwni bolup gülleýär zaman, Ol dowamat-dowamydyr türkmeniň.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir