Britaniýanyň Chevening talyp hakly maksatnamasynyň türkmen uçurymlary Chevening Alumni Programme Fund (CAPF) gaznasynyň goldaw bermeginde täze sebit başlangyjynyň — «Voices of the Silk Road: Central Asian Alumni & Mentorship Hub» taslamasynyň işe girizilendigini habar berýär. Türkmenistan bilen bir hatarda bu taslama Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan ýaly Merkezi Aziýa ýurtlary gatnaşýar. Başlangyjyň esasy bölegi bolan Chevening Connect Silk Road (CCSR) sebit platformasy Chevening uçurymlaryny we Merkezi Aziýanyň ýaş liderlerini bir ýere jemläp, halypalyk, tejribe alyşmak hem-de hünär ösüşi üçin umumy sebit ulgamyny döretmegi maksat edinýär. Taslama 2026-njy ýylyň sentýabryndan 2027-nji ýyla çenli dowam edip, onuň çäklerinde 30-dan gowrak webinar, umumy sanly kitaphana hem-de 2026-njy ýylyň dekabrynda Chevening Impact sebit maslahaty göz öňünde tutulýar. Bu başlangyç Chevening talyp hakly okuw maksatnamasyna arzalaryň kabul edilýän döwrüne gabat gelýär. Arzalar 6-njy oktýabra çenli kabul ediler. Bu geljekki dalaşgärlere maksatnama bilen tanyşmaga hem-de Chevening jemgyýeti bilen aragatnaşyk saklamaga giň mümkinçilik döredýär. Ilkini çäre 5-nji sentýabrda geçirildi. Geljekki webinarlar, halypalyk maksatnamalary, Chevening uçurymlary hem-de geljekki talyp haklaryň eýeleri üçin çäreler barada aşakdaky salgylar boýunça maglumat alyp bilersiňiz: