Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň edara binasyny hem-de Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten etrap bölüminiň edara binasyny we gulluk ýaşaýyş jaýy gurlar. Bu barada şu gün geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýan edildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow mejlisiň dowamynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işler, şol sanda düzümiň işini kämilleşdirmek, şeýle hem gullugyň işine sanly ulgamy we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem gullugyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň edara binasyny hem-de Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten etrap bölüminiň edara binasyny we gulluk ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň edara binasyny hem-de Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten etrap bölüminiň edara binasyny we gulluk ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda» Karara gol çekdi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna ýurtda migrasiýa hyzmatlaryny sanly ulgam esasynda döwrebaplaşdyrmak, düzümiň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak işlerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.